Hytaý Gobi çölünde gumanoid robotlaryň ylgaw ýaryşyny gurnady

  • 20.10.2024 20:40
  • 8.7k+

Hytaýyň Robot Era kompaniýasy öz flagman Star1 gumanoid robotlarynyň täze mümkinçiliklerini görkezmek üçin Gobi çölünde ylgaw synagyny geçirdi. Ylgawyň dowamynda iki robot özara ýaryşyp, çölüň iň çylşyrymly ýollaryny we landşaftlaryny geçdiler. Bu barada New Atlas neşiri habar berýär.

Robotlaryň biriniň tapawutly aýratynlygy onuň sport aýakgaby boldy, beýlekisi bolsa onsuz ylgady. Giç başlandygyna garamazdan, krossowkaly robot garşydaşynyň yzyndan ýetip, ondan öňe geçip bildi. Ol 34 minutyň dowamynda sekuntda 3,6 metr tizligine ýetmegi başardy.
Robotlaryň ikisi-de güýçli hereketlendirijiler we ýokary tizlikli aragatnaşyk modullary bilen enjamlaşdyryldy, bu hem olara daşky gurşaw bilen netijeli täsirleşmäge we dürli şertlere uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär. Flagman robotyň beýikligi 1,71 m, agramy bolsa 65 kg barabar.
2023-nji ýylyň awgust aýynda Sinhua uniwersitetinde esaslandyrylan Robot Era kompaniýasy emeli aň tarapyndan dolandyrylýan hemmetaraplaýyn gumanoid robotlary hojalyk we professional gurşawa ornaşdyrmaga ymtylýar. Star1-iň hem bu mümkinçilikleriniň görkezilmegi bu maksada ýetmekde ýene bir ädimdir.


düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
7.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......