Gresiýanyň kenaryndan 1943-nji ýylda gark bolan iňlis suwasty gämisi tapyldy

  • 19.10.2024 19:36
  • 9.6k+

Gresiýaly barlagçylar 1943-nji ýylda Egeý deňzindäki Donus adasynyň kenarynda gark bolan iňlis suwasty gämisini tapdy. Gäminiň galyndylary ýitirim bolanyndan 81 ýyl soň 235 metr çuňlukdan tapyldy diýip, Live Science portaly habar berýär.

Suwasty gämi Ikinji jahan urşy döwründe gizlin tabşyryga gatnaşypdyr.
HMS Trooper grek garşylyk görkezijileriniň agentlerini Kalamos adasyna düşürmek üçin iberildi, şondan soň ol Egeý deňzine gözegçilik etmelidi. Şeýle-de bolsa, 1943-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda gämi Beýruda gaýdyp gelmedi we aragatnaşyga çykmagy bes etdi. Ol nemes minasyndan partlandyr we ekipažyň 64 agzasynyň hemmesi ölendir diýip çak edilýärdi.
Suwasty gämini gözlemek işleri birnäçe onýyllyklaryň dowamynda dowam etdi. Ekspedisiýa grek gözlegçisi Kostas Toktaridis ýolbaşçylyk etdi, ol gözlegiň nädogry ugry sebäpli suwasty gämini tapmak boýunça öňki 14 synanyşygyň şowsuz bolandygyny aýtdy. Barlagçylar 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda harby hasabatlaryň derňewi arkaly çen bilen heläkçiligiň bolan ýeriniň günbatarragyndaky galyndylary tapyp bildiler.
Gämi üç bölege bölünip, minadan partlandyr diýen çaklamany tassyklady. Rubkanyň lýugy açykdy, bu bolsa partlama wagtynda suwasty gäminiň suwuň üstünde bolandygyny görkezýär.
Gämi harby mazar hökmünde klassifikasiýa edilendigi sebäpli ellenmän galdyryldy.
HMS Trooper-iň serkerdebaşysynyň ogly kapitan Riçard Reýt grek toparyna eden tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol indi ýogalanlaryň maşgalalarynyň gäminiň takyk ýerini bilensoňlar rahatlyk tapyp biljekdigini aýtdy.


düýn 19:49
3.7k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......