Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly badalga aldy

  • 19.10.2024 10:53
  • 1.8k+

18-nji oktýabrda Aşgabatda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly açyldy.

Foruma gatnaşyjylar toý lybasynda Mollanepes adyndaky talyplar teatryndan Baş akademiki drama teatryna çenli dabaraly ýöräp geldiler. Dabaraly ýörişiň dowamynda artistler öz teatrlarynyň döredijilik eserlerinden sahnalary görkezýän keşpleri janlandyrdylar.
Bu ýerde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparlary we sirk ussatlary edebi-çeper çykyşlaryny görkezdiler. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary “O nämedir, al-ýaşyl öwüsýän?” atly opera aýdymyndan bölekleri ýerine ýetirdiler.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew dabaranyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, halklaryň arasynda döredijilik alyşmalary üçin döredilen ajaýyp mümkinçiliklere, jemgyýetiň ruhy-medeni durmuşynyň ösüşine aýratyn üns berýändikleri üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyklaryny beýan etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň sahnalaşdyran «Magtymguly» atly spektakly görkezildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň forumy geçirildi.
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň suratkeşleriniň ussatlyk sapagy geçirildi. Şeýle hem myhmanlar Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi-galereýasynda boldular. Mundan başga-da, türki döwletleriň Muzeýler birleşiginiň agzalary we TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň ýazyjylary “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna baryp gördüler.
Agşam döredijilik çykyşlary Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda dowam etdi. Bu ýerde Mangistau welaýatynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Guýy» atly spektakly görkezdi. Teatr sungatynyň festiwalynyň ilkinji gününiň wakalary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň «Kabyl we Habyl» atly sahna eseri bilen tamamlandy.
19-njy oktýabrda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly öz işini dowam eder.


düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.6k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......