Türkmenistandan 13 sany ýokary okuw mekdepleri THE World University Rankings 2025 dünýä sanawyna girdi

  • 18.10.2024 10:56
  • 7.6k+

Beýik Britaniýanyň Times Higher Education (THE) guramasynyň neşir eden dünýä uniwersitetleriniň ýyllyk görkezijisiniň täze neşirine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 13-si «habarçy» derejesinde girdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

"World University Rankings 2025" 21-nji neşirde ýurdumyzyň şu ýokary okuw mekdepleri ýerleşdi:

  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
  • Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty
  • Türkmenistanyň döwlet energetika instituty
  • Türkmen oba hojalyk instituty
  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
  • Türkmen döwlet maliýe instituty
  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetidir.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylda ilkinji gezek THE görkezijisine Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty wekilçilik etdi. 2023-nji ýylyň görkezijisinde ýurdumyzdan ýokary okuw mekdeplerimiziň 4-si, 2024-nji ýylda 11-si bolan bolsa, täze neşirde 13-si bar.
THE World University Rankings görkezijisi dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň üstünlikleriniň abraýly görkezijileriniň biridir. Uniwersitetler ýokary okuw mekdepleriniň işine giňişleýin baha bermäge mümkinçilik berýän iň soňky WUR 3.0 usulyýeti boýunça ýerleşdirilýär. Ýokary okuw mekdepleri esasy bäş ugurdan: bilim berişi, ylmy barlaglar gurşawy, barlaglaryň hili, senagat bilen özara gatnaşyklar we halkara derejesinde geljegi ýaly ýerine ýetirýän işlerini takyk kesgitleýän 18 görkeziji esasynda kesgitlenilýär.


şu gün 20:35
1.1k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

düýn 17:06
2.4k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
8.7k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......