Angliýaly zenan howa şarynda 118 ýurda syýahat etdi

  • 17.10.2024 15:24
  • 11k+

Angliýaly zenan Elli Dannington howa şarynda baryp gören ýurtlarynyň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada Ruptly agentligine salgylanyp, iz.ru habar berýär.

Özbegistan syýahatçy zenan üçin 118-nji ýurt boldy. Ol 20 ýyl bäri howa şarynda syýahat edýär. «Известия» teleýaýlymynyň habaryna görä, şarda gezelenç eden ýurtlarynyň sany boýunça erkek adamlaryň arasynda rekord Elliniň merhum adamsyna degişlidir: ol 128 ýurda baryp görüpdir. Syýahatçy zenan adamsynyň ýeten görkezijisini geçmegi maksat edinýär we syýahatyny mundan beýläk hem dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Ruptly agentliginiň belleýşi ýaly, Elli syýahat etmegi halaýan beýleki zenanlary hem howa şarynda syýahata çykmaga ruhlandyrmaga çalyşýar. 
Maglumat hökmünde bellesek, Elli Dannington aýal-gyzlaryň arasynda howa şary boýunça ilkinji halkara çempionatynyň guramaçysydyr.


şu gün 09:50
3.5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.7k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
7.2k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......