Adobe "Photoshop" we beýleki programmalary üçin köp sanly emeli gurallaryny hödürledi

  • 16.10.2024 18:10
  • 3.6k+

Adobe kompaniýasy her ýyl geçirilýän Adobe Max konferensiýasynda Creative Cloud programmalary üçin AI bilen işleýän täze funksiýalary hödürledi. Täzelenmeler Photoshop-a, Illustrator-a, InDesign-a we Premiere Pro-a degişlidir. Firefly neýrosetine esaslanýan täze gurallar köp wagt talap edýän meseleleriň ýerine ýetirilmegini çaltlaşdyrmaga kömek eder diýip, The Verge neşiri belleýär.

Esasy täzelikler:

  • Photoshop: Täzelenen Remove Tool funksiýasy şekillerdäki gerekmejek zatlary awtomatiki usulda aýyrýan (üstünden çotga ýöretmek ýeterlik) Distraction Remove görnüşinde goşmaça aldy. Generative Expand we Generative Fill gurallary fotorealizmi gowulandyrmak we çylşyrymly talaplaryň üstünde işlemek üçin Firefly 3 integrasiýasy bilen täzelendi.
  • Illustrator: Obýektleri sudury boýunça çeýelik bilen ondan-oňa geçirmäge  mümkinçilik berýän Object on Path funksiýasy goşuldy. 3D modeller üçin Mockup guraly hemmeler üçin elýeterli boldy we rastr şekilleri (JPEG, PNG, PSD we ş.m.) ulalýan wektor şekillerine öwürýän Image Trace funksiýasy täzelendi. Adobe-iň berýän maglumatlaryna görä, bu funksiýa indi “asyl şekile has laýyk gelýän arassa çyzykly takyk diýen ýaly wektor şekilleri” öndürýär.
  • InDesign: Generative Expand gural integrasiýasy maket üçin şekilleriň ölçegini aňsatlyk bilen  üýtgetmäge mümkinçilik berýär.
  • Premiere Pro: Täze Generative Extend AI funksiýasy hödürlendi. Ol wideonyň başynda, ahyrynda ýa-da wideonyň başga bir böleginde ony birnäçe sekunt uzaltmaga mümkinçilik berer. Kebşirleme wagtynda kadrdaky adamyň nazaryny ýa-da gerekmejek hereketlerini üýtgetmek ýaly, ownuk kemçilikleri düzetmeli bolsaňyz, bu peýdaly bolup biler. Şeýle-de bolsa, wideony diňe iki sekunt uzaldyp bilersiňiz, şonuň üçin diňe ownuk üýtgeşmeler girizmek üçin amatly. Ulanyjy ses effektini ýa-da daş-töwerekdäki sesleri 10 sekunta çenli uzaldyp biler, ýöne muny jaň ýazgylary ýa-da aýdymyň sazlary babatda edip bolmaz. Şeýle hem, programma Text-to-Video we Image-to-Video ýaly geljekde wideonyň üstünde işlemek aýratynlyklary üçin Firefly Video Model-i synagdan geçirýär, bu size tekste we suratlara esaslanýan wideo döretmäge mümkinçilik berýär.

18.05.2026 14:48
3.7k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.8k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......

13.05.2026 15:09
4.4k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......

12.05.2026 18:27
1.7k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....