Nvidia Apple-i dünýäniň iň gymmat kompaniýasy derejesinden düşürmäge ýakyn geldi

  • 15.10.2024 20:30
  • 5.4k+

Duşenbe güni Nvidia-nyň paýnamalary taryhynda iň ýokary derejesinde ýapyldy, bu hem iri çip öndürijisini Apple-i dünýäniň iň gymmat kompaniýasy tagtyndan düşürmäge ýakynlaşdyrdy.

Maýadarlaryň kompaniýanyň häzirki we geljekki nesil emeli aň prosessorlaryna bolan ýokary islege bil baglaýandygy üçin, onuň paýnamalary 2,4% ýokarlanyp, söwda gününi 138,07 dollar bilen jemledi.
Iýun aýynda Nvidia gysga wagtlyk dünýäniň iň gymmat kompaniýasyna öwrülipdi. Microsoft ondan öňe geçmegi başardy, tehnologiýa üçlüginiň bazar bahalary bolsa eýýäm birnäçe aý bäri ýanaşyk barýar. Soňky üstünlikleri netijesinde Nvidia-nyň bazar bahasy 3,39 trln dollara ýetdi, bu Apple-iň bahasyndan (3,52 trln dollar) birneme pes we Microsoft-yň bahasyndan (3,12 trln dollar) ýokarydyr.
Belläp geçsek, TD Cowen kompaniýasy Nvidia-nyň gymmatly kagyzlary boýunça maksatly bahany 165 dollar derejesinde tassyklady we ony “iň gowy saýlama” diýip atlandyryp, kompaniýanyň häzirki nesil AI çiplerine islegiň ýokary bolmagynda galýandygyny belledi.
Amerikan grafiki prosessor öndürijisi Nvidia-nyň ikinji maliýe çärýeginde girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 122% ýokarlanyp, 30 mlrd dollar boldy. Ikinji çärýekde Nvidia-nyň maglumat merkezleri bilen meşgullanýan bölümçesiniň satuwy rekord 26,3 mlrd dollar boldy, bu 2023-nji ýylyň ikinji çärýegindäkiden 154% köpdür.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....