Aşgabatda Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň duşuşygy geçirildi

  • 15.10.2024 14:38
  • 3.5k+

14-nji oktýabrda Aşgabatda Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň müdirliginiň ýolbaşçysy Galina Romanowa, hytaý tarapyna Söwda ministrliginiň Daşary maýa goýumlar we ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygynyň orunbasary Ýan Hoa başlyklyk etdi diýip, ORIENT habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýylyň maý aýynda “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekdäki öňegidişlikler seljerildi we mundan beýläkki gatnaşyklar üçin möhüm ugurlar kesgitlenildi.
Taraplar iş toparynyň ikinji ýygnagyndan soň geçirilen bilelikdäki işiň netijelerine garadylar we 2024-nji ýylyň awgust aýynyň ahyryna çenli Türkmenistanda amala aşyrylan taslamalara 4,18 milliard ABŞ dollary maýa goýan hytaý kompaniýalaryň ornuny bellediler.
Türkmen tarapy hytaýly gatnaşyjylara ýurtdaky maýa goýum ýagdaýyny we iş şertlerini gowulandyrmak üçin görülýän anyk çäreler, Bütindünýä söwda guramasyna goşulmakdaky öňegidişlikler we halkara reýting agentligi “Fitch Rating” reýtingleriniň soňky baha berişleri barada habar berdi.
Hytaý wekiliýeti nebit-gaz pudagy, ulag, himiýa senagaty we ş.m. möhüm taslamalar boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda energiýa çeşmeleri we infrastruktura ýaly hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, şeýle hem täze energiýa, ýaşyl minerallar we hyzmatdaşlygyň potensialyny kesgitlemek we täze ösüş nokatlaryny döretmek üçin özara taýýarlyk tassyklandy.

 


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......