Maskyň Tesla Cybercab-y garaşar: Hytaý eýýäm arzan robotaksiler bilen dünýä bazaryna çykmaga taýýarlanýar

  • 15.10.2024 14:19
  • 8.9k+

Tesla Cybercab robotaksisiniň tanyşdyrylyşyndan soň, carnewschina habarlar çeşmesi Hytaýda eýýäm işleýän Baidu Apollo Go sürüjisiz taksi hyzmatynyň ýagdaýy barada gürrüň berdi.

Birinjiden, birnäçe gün ozal Baidu kompaniýasy bu hyzmaty Hytaýdan daşary ýola goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Ikinjiden, Tesla öz Cybercab-yny 2026-2027-nji ýyllarda satuwa çykarýança, Baidu-nyň eýýäm tapgyrlaýyn Yichi 06 (Apollo RT6) sürüjisiz awtomobili bar. Öndürijiniň bellemegine görä, Apollo Go-yň sürüjisiz awtoulaglarynyň umumy menzili 32 mln km-den geçdi. 2024-nji ýylyň iýul aýynyň ahyryndaky ýagdaýa görä, Baidu-nyň robotaksi parky 7 mln gatnawy amala aşyrdy.
Yichi 06 elektrik miniweniniň esasy aýratynlygy altynjy nesil Apollo awtonom dolandyryş ulgamydyr. Onuň enjamlaýyn üpjünçiligi 40 datçigi (şol sanda 5 lidar) we iň ýokary hasaplaýyş kuwwaty 1200 TOPS bolan prosessorlary öz içine alýar. Baidu-nyň resmi wekilleriniň aýtmagyna görä, ulgam çylşyrymly ýol ýagdaýlary üçin L4 awtonomlyk derejesini goldaýar. Netijede, Yichi 06 awtoulagy geljekki Cybercab ýaly rulsuz satylyp bilner.
Baidu kompaniýasy Yichi 06-nyň bahasyny 60% arzanladandygyny habar berýär. Häzirki günde awtoulag 28 950 dollar baha bilen satylýar, Cybercab bolsa ýene birnäçe ýyldan 30 000 dollardan arzan satylmagy wada berýär. Baidu eýýäm Apollo Go sürüjisiz awtomobil parky üçin 1000 birlik Yichi 06 iberdi. Bu bolsa hakyky Yichi 06 awtomobilleriniň eýýäm Hytaýyň köçelerinde hereket edýändigini aňladýar.
Şeýlelikde, eger Tesla öz robotaksi hyzmatyny Hytaýda ýola goýsa, ol çynlakaý bäsdeşlik bilen ýüzbe-ýüz bolar.


21.05.2026 11:31
5.6k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.2k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......