Vast kompaniýasy kaşaň enjamlaşdyrylan kosmos stansiýasyny orbita çykarar

  • 15.10.2024 11:38
  • 2.2k+

ABŞ-nyň Vast kompaniýasy Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) ornuny tutýan hususy orbital obýektleriň tapgyrynda ilkinji bolup biljek Haven-1 kosmos stansiýasyny işe girizmäge taýynlanýar.

Stansiýa diňe bir tehniki enjamlary bilen däl, eýsem ylmy-hyýaly filmlerdäki sahnalary ýada salýan kaşaň interýerleri bilen hem ünsi çekýär.
Haven-1-iň esasy aýratynlygy - adaty bolmadyk içerki dizaýny. Täsirli içerki interýere 1,1 metr diametrli uly penjire, kerkaw şpondan edilen örtki paneller we ekipaž üçin amatly gurşaw döredýän ýumşak örtgiler girýär.
Stansiýada bir wagtyň özünde dört adam bolup biler, olaryň hersine agramsyzlyk  şertlerine uýgunlaşdyrylan, amatly ýatyş düşegi bolan aýratyn kaýuta berler. “Kosmos düşeginiň” NASA-nyň öňki astronawty Endrýu Fýustel bilen bilelikde işlenip düzülendigi bellendi.
Şeýle hem, stansiýada sport bilen meşgullanmak üçin meýdançaly hem-de hususy we döwlet  sargytçylarynyň bähbidine ylmy synaglary geçirmek üçin ýerleri bolan  24 m³ meýdanly kaýut-kompaniýa bolar.
Ekipažy orbita eltmegi we Ýere gaýtaryp getirmegi SpaceX kompaniýasy öz üstüne alýar, ol muny Starlink ulgamy arkaly internet aragatnaşygyny üpjün etmek bilen, Crew Dragon gämilerini ulanyp amala aşyrar.
Haven-1-i 2025-nji ýylda uçurmak meýilleşdirilýär. Stansiýa üç ýyl işlär. Doly ýüklenende, onda ýylda 40 gün töweregi ýaşap bolar. Aslynda, ol wagtlaýyn kosmos myhmanhanasy bolar. Geljekde onuň ornuny içinde uzak wagtlap bolmaga niýetlenen has uly stansiýalar tutar.


düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
4.1k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......