Alymlar ulagyň ululygyndaky köpaýakly gadymy mör-möjekleriň görnüşini dikeltdiler

  • 14.10.2024 14:03
  • 22k+

Fransuz alymlary Ýer ýüzünde ýaşap geçen iň uly mör-möjekleriň biri bolan antroplerwanyň (Arthropleura) görnüşini dikeltdiler. Science Advances žurnalynda geçirilen gözlegiň netijesine görä, häzirki zaman kyrkaýagyny ýada salýan bu gadymy oňurgasyzlaryň uzynlygy 2,6 metre ýetip biler.

Barlagyň awtorlarynyň biri, Lionyň Klod Bernar adyndaky uniwersitetinden Mikael Leritýe Live Science neşirine şeýle mör-möjekleriň agramynyň 45 kg töweregi bolandygyny gürrüň berdi. Olar, takmynan, 346–290 million ýyl ozal Ýerde ýaşap geçipdirler.
Esasy maglumatlar Fransiýanyň günortasynda seýrek duş gelýän bir galyndynyň  tapylmagy netijesinde alyndy. Alymlar tapyndylary KT-skanlama arkaly gözden geçirdiler. Ondan öň ylym antroplerwanyň diňe bedeniniň gurluşy hakda bilýärdi we kelläniň daşky görnüşi syr bolup galýardy. Täze açyş gadymy köpaýaklylaryň ewolýusiýasyny öwrenmekde möhüm ädim boldy.
Geçirilen barlagda antroplerwanyň baldakpisint gözleriniň, birneme egrelen murtlarynyň we kiçeňräk mandibullarynyň (äňleriniň) bardygy anyklandy. Ol diplopodlar (iki jübüt aýakly) hökmünde klassifikasiýa edilse-de, gözüniň gurluşy leňňeç şekillileriňki ýaly, suw jandarlaryny ýada salýar. Bu alymlary agzalan ýer jandarynyň ösüşinde suw tapgyrlarynyň hem bolup biljekdigi barada pikirlenmäge mejbur etdi.
Leritýeniň sözlerine görä, açyş gadymy oňurgasyzlaryň durmuşy we özüni alyp barşy barada täze soraglary döredýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....