Aşgabatda Russiýanyň Medeniýet günleri geçiriler: konsertler, sergi we ussatlyk sapaklary

  • 13.10.2024 14:18
  • 5.8k+

16-17-nji oktýabrda Aşgabatda Russiýanyň Medeniýet günleriniň çäginde dürli çäreler geçiriler. Esasy çäreler Mukamlar köşgünde bolar diýip, ORIENT agentligi RF-niň Medeniýet ministrligine salgylanyp habar berýär.

16-njy oktýabrda Adygeýanyň “Nalmes” Döwlet akademiki halk tans toparynyň konserti bilen açylar, bu maksatnamada gadymy “Islameý” tansyny, hanjar tansy, horegrafiki kompozisiýalar, halk saz gurallarynda popurri we şuňa meňzeşler bolar. Şol gün W.D.Polenow adyndaky Russiýanyň Döwlet halk döredijilik öýi tarapyndan taýýarlanan “Russiýanyň gurnama mozaikasy” sergisi görkeziler.
16-njy we 17-nji oktýabrda P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV Halkara bäsleşiginiň ýeňijisi we beýleki köp sanly rus we halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi, Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň solisti, pianinoçy Dmitriý Masleýew iki sany ussatlyk sapagyny geçirer.
17-nji oktýabrda çäreleriň tapgyry Mukamlar köşgünde geçiriljek “Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň ýubleýina tarap” atly nusgawy aýdym-saz konserti bilen dowam eder. Halkara ýaryşlaryň ýeňijisi Dmitriý Masleýew Pýotr Çaýkowskiniň we Sergeý Raçmaninowyň eserlerini ýerine ýetirer.
Şeýle-de hem Adygeýa “Nalmes” Döwlet akademiki halk tans toparynyň solistleri tarapyndan ussatlyk sapagy we Pýotr Çaýkowskiniň doglan gününiň 225 ýyllygyna bagyşlanan “Çaýkowskiý planetasy” sergisiniň açylmagy meýilleşdirilýär. Sergi Russiýanyň Milli aýdym-saz muzeýi tarapyndan taýýarlandy.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....