Huawei soňky dört ýylda ilkinji gezek Hytaýda smartfon satuwy boýunça Apple-den öňe geçdi

  • 12.10.2024 15:28
  • 3.4k+

Awgust aýynda Hytaýda Huawei Technologies tarapyndan öndürilen smartfonlaryň satuwy soňky 46 aýda ilkinji gezek Apple-iň iPhone satuwyndan ýokary boldy. Bu barada CINNO gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, South China Morning Post ýazýar.

Brendiň Hytaý bazaryndaky paýy 17,5%-e barabar. Huawei-niň üpjünçilik möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7,7% ýokarlanyp, 140 mln birlikden geçdi.
Analitikler Mate we Pura flagman smartfonlaryna, şeýle-de Mate XT ýaly eplenýän modellere islegiň ýokarydygyny belleýärler.
Hytaý Huawei üçin iň uly bazar bolup, ol kompaniýanyň global satuwynyň 89%-ini emele getirýär.
Mundan öň China Academy of Information and Communications Technology döwlet guramasy awgust aýynda Hytaýda daşary ýurt smartfonlarynyň satuwynyň ýyllyk aňlatmada 12,7%, 1,87 mln birlige çenli pese gaçandygyny, şol bir wagtyň özünde ýerli brendleriň satuwynyň bolsa 26,7%, 24,05 mln birlige çenli ýokarlanandygyny habar berdi.


düýn 09:49
1.6k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....