Ilon Mask sürüjisiz robotaksi we robofurgon hödürledi

  • 12.10.2024 18:04
  • 12k+

Tesla-nyň baş müdiri Ilon Mask kompaniýanyň iki täze prototipini: CyberCab robotaksisini we Robovan furgonyny hödürledi. Tanyşdyrylyş Kaliforniýadaky Warner Bros. kinostudiýasynda geçirildi.

CyberCab-yň bahasy, takmynan, $30 müň bolar. Awtoulag bortdaky emeli aňly Tesla AI15 kompýuteri bilen dolandyrylýar. Robotakside rul we pedal ýok – ol ýolagçylary sürüji gatnaşmazdan gatnatmak üçin niýetlenen. Onuň “kebelegiň ganaty ýaly açylýan” iki gapysy bar diýip, Bloomberg belleýär.
Salonda diňe iki adam üçin ýer bolup, olaryň öňünde sensor ekrany ýerleşýär.
Elektromobillerden tapawutlylykda robotaksi induktiw (kabelsiz işleýän) zarýad berijiler bilen üpjün edilendir. CyberCab hususy alyjylar üçin elýeterli boljak ilkinji tapgyrlaýyn robotaksi bolar. Ýöne onuň peýda boljak möhleti näbelliligine galýar. Mask 2026-njy ýyl diýip agzady, ýöne gijikdirmeleriň bolup biljekdigini-de belledi.

“Men käwagt çaklamalarda aşa optimist, ýöne 2026-njy ýylda bolup biler. Ýa-da, gowusy şeýle diýeýin: 2027-nji ýyla çenli” – diýip, Bloomberg milliarderiň sözlerini getirýär. Çeşmäniň belleýşi ýaly, Tesla hemişe bellenilen möhlete taýýar bolmaýandygy bilen bellidir, hatda şu tanyşdyrylyş-da ilkibaşda iki aý yza süýşürildi, ahyrynda bolsa bir sagat giç başlady.

Robovan awtonom furgony 20 adamy gatnadyp bilýär. Onuň bahasynyň näçedigi we önümçiliginiň haçan başlajakdygy barada habar berilmeýär. Tesla-nyň mahabat materiallaryna görä, furgon futuristik dizaýna eýe bolar.
Şeýle-de, çärede Optimus robotlary görkezildi. Tanyşdyryş wagtynda olar adamlaryň arasynda gezmeläp, surata düşdüler, ýadygärlik sowgatlaryny paýladylar, tans etdiler we hatda kokteýl taýýarladylar. Maskyň aýtmagyna görä, geljekde şeýle robotlar adamlara gündelik işleriň köpüsini ýerine ýetirmäge – mysal üçin, iti gezdirmäge, çagalara seretmäge, otlary deňlemäge, arassaçylyk işlerini etmäge, gülleri suwarmaga we tagam taýýarlamaga kömek edip biler.

“Optimus biziň aramyzda bolar. Siz olaryň ýanyna bararsyňyz, olar bolsa size içgi hödürlär” – diýip, Mask belledi.

Şeýle robotlaryň bahasy $20-30 müň bolar.


14.03.2026 23:33
3.5k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...

10.03.2026 17:04
1.5k+

xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär

Ilon Maskyň xAI emeli aň kompaniýasy adaty teksti täsirli sözleýişe öwürýän täze guraly tanyşdyrdy. Başlangyç tapgyrda bäş sany ses elýeterli bolup, olar «Eve», «Ara», «Rex», «Sal» we «Leo» diýlip atlandyrylýar...

02.03.2026 23:27
1.7k+

Tesla Cybertruck-da sesi basmak ulgamyny işjeňleşdirýär

Tesla kompaniýasy Cybertruck elektrik pikaplarynda uzakdan işleýän programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly işjeň ses ýatyryş ulgamyny (ANC) işe girizer. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda we öndürijiniň hyzmat resminamalarynda täzelenen enjamlaryň sanawynda yglan edildi...

19.02.2026 14:25
2.2k+

Mask aşa çalt öwrenmek aýratynlygy bolan Grok 4.2 neýroulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi

​Ilon Mask xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen uly dil modeliniň täzelenmesi bolan Grok 4.2 wersiýasynyň çykandygyny habar berdi. Neýroulgam eýýäm köpçülikleýin beta-testirleme görnüşinde ulanyjylara elýeterlidir...