Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

  • 11.10.2024 08:41
  • 5.2k+

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi we doganlyk ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary derejeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmen-türk döwletara hyzmatdaşlygynda parlamentara gatnaşyklara hem möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň parlament diplomatiýasy ugrundaky hyzmatdaşlygyň has işjeň alnyp barylmagyna taýýardygyny tassyklady. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistanyň halkara guramalarda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryny Türkiýe Respublikasynyň yzygiderli goldamagy munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.


düýn 16:02
911

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......