Türkmenabat we Mary şäherlerinde täze saglygy goraýyş desgalary açyldy

  • 10.10.2024 22:05
  • 9.1k+

9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi.

Buýan köküni gaýtadan işlemegiň hasabyna ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürmäge ukyply kärhananyň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda badalga berlipdi. Mälim bolşy ýaly, buýan kökündäki glisirrizin turşusy wiruslara garşy netijeli serişde hökmünde gadymdan bäri lukmançylykda giňden ulanylýar.
«Mizemez gadam» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze kärhana Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň düzümine girýär. Bu toplum buýan kökünden önüm öndürmäge ýöriteleşendir.
Açylyş dabarasy mynasybetli täze kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ulag serişdeleri sowgat berildi.


Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasynyň gurluşygyny «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirdi.
Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň dünýä belli kompaniýalarynyň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edildi.
Bu binanyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Mercedes-Benz» kysymly göçme barlaghana awtoulagy we «Toyota Сorolla» kysymly ýeňil awtoulag sowgat berildi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......