Türkmenistanyň we Gazagystanyň diplomatlary hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geňeşmeleri geçirdiler

  • 10.10.2024 21:49
  • 2.5k+

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen geňeşmelerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, Gazagystan tarapyna bolsa, Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ý.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konstruktiw pikir alyşmalar boldy, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň derejesine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy.
Iki ýurduň «Merkezi Aziýa+» formatlardaky, şeýle hem halkara we sebitara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazak tarapyna Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň goldanylýandygy we BMG-niň çäklerinde kabul edilen kararnamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.
Taraplar dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen anyk taslamalaryň durmuşa geçirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi. Hususan-da, 8-nji oktýabrda geçirilen Türkmen-Gazak işewür geňeşiniň mejlisiniň netijeli häsiýeti bellenildi.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....