Emeli aň Rafaeliň sungat eserleriniň himiki düzüminiň syrlaryny açmaga kömek etdi

  • 10.10.2024 20:46
  • 5k+

Medeni miras ylmy institutynyň alymlary nusgawy sungat eserlerinde ulanylan boýaglaryň himiki düzümini seljermek üçin emeli aň döretdiler. Bu model Rafaeliň 1501-1502-nji ýyllarda döreden suratlary babatda üstünlikli ulanyldy diýip, Phys.org habar berýär.

Kartinalary dikeltmek işi sungat bilen ylymyň çatrygynda. Bu ugurdaky hünärmenler himiýa, botanika we taryh ýaly dürli dersleri bilmelidirler. Gadymy kartinalary dikeldýänlere boýaglaryň himiki düzümi hakynda takyk maglumatlary bilmek möhümdir, sebäbi maddalaryň nädogry saýlanmagy olaryň zaýalanmagyna  sebäp bolup biler.
Aýry-aýry boýaglary kesgitlemek köplenç kyn, sebäbi suratkeşler gerekli reňki almak üçin pigmentleri garyşdyrýarlar. Şol sebäpli himiki düzümiň kesgitlenilişi köplenç çaklamalara esaslanyp, mydama dogry bolup durmaýar.
Adatça, derňew üçin rentgen fluoresensiýasy usuly ulanylýar, ýöne bu çylşyrymly pigmentleri kesgitlemegi kynlaşdyrýar.
Bu meseläni çözmek üçin alymlar makro-rentgen fluoressensiýa maglumatlaryny seljerýän we pigmentleriň düzümini kesgitleýän AI modelini döretdiler. Bu model 57 dürli pigmenti görkezýän 500 müň spektrli maglumatlar bazasynda tälim aldy.
Gözleg topary modeliň işlenip düzülişini we deslapky synagy tamamlandan soň esasy synag işine başlady. AI Rafaeliň 1501-1502-nji ýyllara degişli iki sany kartinasyny döretmek üçin ulanan ýaglarynyň himiki düzümini kesgitlemek üçin peýdalanyldy. Himiki komponentler alymlara başga usullar arkaly eýýäm mälimdi. AI modeli ak reňkdäki gurşun, gyzyl reňkdäki simap we ýaşyl reňkdäki mis ýaly himiki serişdeleri kesgitlemegi başardy.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......