Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Aşgabatda halkara foruma gatnaşar

  • 10.10.2024 10:12
  • 4.1k+

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyna gatnaşmak üçin 10-11-nji oktýabrda Türkmenistanda resmi saparda bolar. Bu barada Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, forumyň çäklerinde birnäçe ikiçäk duşuşyklar geçiriler. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşyk göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuşyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.


22.05.2026 14:38
2.5k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:15
2k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....