Türkmenistan "Demirgazyk — Günorta" ulag geçelgesiniň gatnaşyjylary üçin bitewi nyrh ýeňillikleri ylalaşmagy teklip etdi

  • 09.10.2024 13:11
  • 7.1k+

Türkmenistan GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş etmek bilen, resminamalaryň tapgyrlaýyn we yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň zerurlygyndan ugur alýar, ol ýa-da beýleki ugurda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň möhletlerine berk eýerýär diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Ýakynda, sentýabr aýynyň ortalarynda Türkmenistan iri infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň owgan bölegi işe girizildi. Goňşy ýurduň çägi boýunça Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň şu we geljekde ýüze çykjak beýleki şular ýaly taslamalara gatnaşmagy strategik geljege çykmagyň dogry we ygtybarly ýoludyr. Biz bilelikdäki kuwwatymyzy hem-de mümkinçiliklerimizi doly derejede ulanmalydyrys diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, GDA gatnaşyjy döwletleriň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny gowulandyrmak we ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli hereketleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglylykda ulag özara baglanyşygy meselesine hem doly derejede degişlidir.
Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi. Şeýle işi Gündogar — Günbatar ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça hem alyp barmagy zerur hasaplaýarys diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi we bu işiň möhletlerini, gün tertibini bellemek arkaly ýurtlarymyzyň degişli edaralaryna tabşyryklary bermegi teklip etdi.


şu gün 13:44
402

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......