Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

  • 09.10.2024 07:57
  • 12k+

8-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Sammit Uly Kreml köşgünde geçirildi. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammite gatnaşyjylary mübärekläp, mejlisiň gün tertibiniň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, şol sanda ykdysady, söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygy, dürli pudaklarda täze iri, özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar, şeýle hem beýleki möhüm ugurlar boýunça pikir alyşmak bilen bagly meseleleri öz içine alýandygyny belledi. Soňra döwlet Baştutanlaryna söz berildi.

Jogapkärli döwletler hökmünde biziň esasy wezipämiziň GDA-nyň giňişliginde berk parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmekden ybaratdygyna ynanýaryn. Muny Arkalaşygyň çäginde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ählumumy giňişlikde, halkara guramalarda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine garaýyşlary berkitmek boýunça ylalaşykly hereketler arkaly gazanyp bolar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda belledi.
Häzirki wagtda täze wehimlerdir howplara garşy durmak meselesi örboýuna galýar. Men, ilki bilen, biologik howp, kiberjenaýatçylyk, maglumat meýdançalaryny bikanun ulanmak ýaly howplary göz öňünde tutýaryn. Biziň ýurtlarymyz bu ýagdaýlar babatda has işjeň, ylalaşykly, düzümleýin çemeleşmelere geçmelidirler, radikalizmiň elementleriniň aralaşmagynyň, duşmançylygy döretmek synanyşyklarynyň öňüni almalydyrlar, olaryň döwlet institutlaryna we jemgyýetçilik durmuşyna ýaramaz täsir etmeginden goramagyň mehanizmlerini işläp taýýarlamalydyrlar diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Munuň üçin biziň ygtyýarymyzda bar bolan syýasy-diplomatik, guramaçylyk, ylmy-tehniki hem-de beýleki serişdelerden peýdalanmak zerurdyr. Arkalaşygyň içinde parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk mizemez bolmalydyr we ygtybarly kepillendirilmelidir.

Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi. Şeýle işi Gündogar — Günbatar ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça hem alyp barmagy zerur hasaplaýarys diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi we bu işiň möhletlerini, gün tertibini bellemek arkaly ýurtlarymyzyň degişli edaralaryna tabşyryklary bermegi teklip etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wekiliýet Baştutanlaryna ýüzlenip, dünýäniň dürli künjeklerinde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe biziň wezipämiziň GDA halklary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň we umumy gymmatlyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak däplerini gorap saklamakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Giň we köpugurly medeni hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzda geçirilýän iri çärelere Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy bu däpleri gorap saklamagyň hem-de ösdürmegiň netijeli ýoludyr. Türkmenistan 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna ýokary baha berýär diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra sammit GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Mejlisiň barşynda Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri seljerildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler anyklaşdyryldy.
Sammit jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüdi bar. Geljek ýyl guramada Täjigistan Respublikasy başlyklyk eder. Şol döwürde Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer.
Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlanandan soňra, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow «Wnukowo-2» Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Türkmenistana ugrady.


şu gün 23:15
152

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

düýn 20:14
1.4k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
2.1k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....