Russiýa Türkmenistandan dalaşgärler üçin 500 sany talyp hakly ýer bölüp berdi

  • 08.10.2024 14:25
  • 16k+

Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdepleri Türkmenistandan dalaşgärlere 2025-2026-njy okuw ýyllary üçin 500 okuw kwotasyny bölüp berdi. Bu barada RF-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet, ylym we bilim bölümine salgylanýan ORIENT habar berdi.

7-nji oktýabrda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly ýerler üçin dalaşgärleri seçip almak işi başlanýar. Bu maksatnama türkmen dalaşgärlerine belli rus ýokary okuw mekdeplerinde mugt ýokary bilim almaga mümkinçiligini berýär.
Munuň özi, ýaşlaryň mümkinçliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilim ulgamyndaky gatnaşyklarynyň berkidilmegine hem şert döredýär.

Häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 30 müňe golaý türkmen talyplary bilim alýar. Russiýada talyp hakly bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda ykdysadyýet, lingwistika, hukuk, bejeriş işi, menejment we programma inženeriýasy ýaly ugurlar has meşhurdyr.
Şeýle-de Türkmenistan we Russiýa bilelikdäki Rus-türkmen uniwersitetini döretmek baradaky meseleleriň üstünde işleýär.


02.06.2026 19:33
6k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......