Aşgabat "Dostluk oýunlaryny" we GDA ýurtlarynyň beýleki sport çärelerini kabul eder

  • 08.10.2024 13:21
  • 14k+

7-nji oktýabrda Moskwada geçirilen GDA-nyň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň "Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri" diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly 2024-2025-nji ýyllarda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu barada GDA-nyň internet-portaly habar berýär.

Meýilnama türkmen paýtagtynda sportuň dürli görnüşleri boýunça çempionatlary, halkara sport ýaryşlaryny, şeýle hem bilim we sport-köpçülikleýin ýaryşlary geçirmegi öz içine alýar. GDA ýurtlarynyň hem-de gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlaryň gatnaşmagynda geçiriljek "Dostluk oýunlaryny" geçirmäge aýratyn üns berler.
Mejlisde Türkmenistana Russiýa Federasiýasyndaky ilçi Esen Aýdogdyýew wekilçilik etdi. Geňeşmeleriň barşynda şeýle hem bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda beýannama kabul edildi.
Diplomatlar şeýle hem GDA-nyň çäklerinde 2025-nji ýyl üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň Meýilnamasyny tassykladylar.
Mundan başga-da, Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.
Şeýle hem diplomatlar GDA-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenjek birnäçe resminamalaryň taslamalaryny makulladylar.
GDA-nyň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň indiki mejlisi 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Gazagystanda geçiriler.


şu gün 13:44
402

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....