Saud wekiliýeti Aşgabatda haj we umra meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdi

  • 08.10.2024 10:42
  • 10k+

Saud Arabystanynyň haj we umra işleri ministri, doktor Taufik bin Fauzan Al-Rabianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda resmi saparda bolup birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Zyýaratçylara hyzmat etmek bilen meşgullanýan ýokary wezipeli adamlardan düzülen wekiliýet duşuşyklaryň dowamynda Saud Arabystany Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasynda zyýaratçylar üçin hyzmatlar pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşdy diýip, spa.gov.sa saýty ýazýar.
Saparyň çäginde ministr Taufik bin Fauzan Al-Rabia Türkmenistanyň wise-premýeri Baýramgul Orazdurdyýewa, şeýle hem ýurduň müftüsi Ýalkap Hojagulýew bilen duşuşdy. Duşuşykda haj däp-dessurlaryny aňsatlyk we rahatlyk bilen ýerine ýetirmekleri üçin zyýaratçylaryň tejribesini nädip baýlaşdyrmalydygyna üns çekildi.


Mundan başga-da, wekiliýetiň düzüminde Türkmenistana gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň Raýat awiasiýasy müdirliginiň başlygy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktorynyň arasynda hem möhüm duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistandan barýan zyýaratçylaryň syýahaty bilen baglanyşykly hyzmatlary gowulandyrmak üçin hyzmatdaşlygyň we ugurdaş tagallalary utgaşdyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....