Xiaomi oktýabrda SU7 awtomobiliniň önümçiligini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär

  • 07.10.2024 12:08
  • 5.4k+

Özüniň smartfonlary bilen tanalýan Xiaomi kompaniýasy awtomobil ugruny işjeň ösdürmegi dowam etdirýär. Sentýabr aýynda satuwy dört aý bäri 10 müň birlikden geçýän SU7 modeliniň üstünlikli çykyşyndan soň, kompaniýa önümçiligi iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär diýip, Gizmochina habar berýär.

Xiaomi Group-yň esaslandyryjysy Leý Szýunyň aýtmagyna görä, oktýabr aýynda 20 000-den gowrak SU7 awtomobilini öndürmek meýilleşdirilýär. Munuň üçin kompaniýa innowasiýalary ornaşdyryp, önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Aýratynam, zawodyň gurnawyna üýtgeşmeler girizildi we emeli aň ýaly täze tehnologiýalar ulanyldy. Munuň netijesinde, Xiaomi önümçilik hatarynyň her bir tapgyrynyň öndürijiligini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy.
Öň, Leý Szýun Xiaomi Automobile bölüminiň 2024-nji ýylda 100 000-den gowrak Xiaomi SU7 awtomobilini bazara ibermegi maksat edinendigini habar berdi.
Resmi däl maglumatlara görä, Xiaomi SU7-niň üpjünçiligi sentýabr aýynda 15 müňden 16 müň birlige çenli boldy. Oktýabr aýynda üpjünçiligiň hepdelik derejesiniň 5 müň awtomobile ýetmegine garaşylýar.


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....