Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 07.10.2024 11:33
  • 2.1k+

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary G.Guramişwili bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynda habar berdiler.

Duşuşykda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ulag we energetika ulgamlary häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenip, ulag-üstaşyr we energetika düzümini ösdürmekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Ykdysady gatnaşyklaryny, senagat we energetika hyzmatdaşlygyny, söwda we maýa goýumlaryny ösdürmekde ulag we üstaşyr geçelgesiniň tutýan orny ýene bir gezek nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň halklarynyň bähbitleri üçin mundan beýläk hem işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......