BSGG maýmyn mamasyny anyklamak üçin ilkinji test usulyny tassyklady

  • 06.10.2024 11:21
  • 5k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) maýmyn mamasynyň ýaýramagyna garşy göreşde möhüm ädim ätdi. Gurama barlaghana şertlerinde bu howply wirusy anyklamak üçin ilkinji barlag usulynyň ulanylmagyny tassyklady diýlip, guramanyň saýtynda habar berilýär.

BSGG Abbott Molecular Inc. kompaniýasy tarapyndan döredilen Alinity m MPXV barlag toplumynyň kesel hadysalary ýokary bolan ýurtlarda çalt we takyk barlag geçirmek mümkinçiliklerini giňeltjekdigini belleýär.
Irki anyklaýyş hassalaryň wagtynda bejerilmegini we idegini üpjün etmek, şeýle-de wirusyň ýaýramagyna gözegçilik etmäge mümkinçilik bermek bilen, maýmyn mamasyna garşy göreşde möhüm rol oýnaýar. Gurama Afrikada wirus hadysalaryny barlamak mümkinçiliginiň çäklidigini belledi.
Maýmyn mamasy – adatça, Afrikanyň käbir sebitlerinde duş gelýän seýrek wirus keseli. Ýöne soňky aýlarda kesel ýaýrawy ABŞ-da, Ispaniýada, Fransiýada, Beýik Britaniýada, Şwesiýada we Marokkoda hasaba alyndy. Afrika Bileleşiginiň Kesellere gözegçilik merkeziniň maglumatlaryna görä, ýylyň başyndan bäri sebitde wirus sebäpli 866 adam aradan çykdy.


düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......