Aşgabatda Polşanyň DIM-niň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

  • 05.10.2024 12:01
  • 3.6k+

Türkmenistanyň we Polşanyň DIM-leriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary Aşgabatda geçiren geňeşmelerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň DIM-iň Ýewropa ýurtlary bölüminiň we Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy bölüminiň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Polşanyň wekiliýetine Polşa Respublikasynyň DIM-iň Gündogar departamentiniň direktorynyň orunbasary Marek Salka ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan özara ygrarlylyk tassyklanyldy. Halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklar barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.
Taraplar söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns bermek bilen, dürli ugurlardaky özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge meýillidiklerini tassykladylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......