10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena baly guralar

  • 05.10.2024 09:24
  • 8.6k+

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena balyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Bu döredijilik çäresine Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna bu medeni çäräni geçirmek bilen bagly degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow VI Wena balyna gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......