CTBUH halkara guramasy 2024-nji ýylda dünýäniň iň gowy belent binasyny yglan etdi

  • 03.10.2024 13:52
  • 8.5k+

“Belent binalar we şäher gurşawy geňeşi" (CTBUH) halkara guramasynyň garaşsyz bilermenler topary 2024-nji ýylyň iň gowy beýik binasy baýragynyň ýeňijisini yglan etdi.

Bu ýyl Singapurdaky Pan Pacific Orchard myhmanhanasy iň gowy belent bina diýen ada eýe boldy. Binanyň beýikligi 150 metr bolup, ol 23 gatdan ybarat.
Pan Pacific Orchard Singapuryň esasy söwda etrabynda, meşhur Orçard-roud köçesinde ýerleşýär. Bu ýer Aziýanyň myhmansöýerligi bilen tebigy gözelligi öz içine alýan nusgawy binagärlik dizaýnyň sazlaşýan ýaşyl oazisidir.

Bina göwrüminiň aglaba bölegini Singapura tarap açylýan görnüşli baglary, howuzlary we amatly oturgyçlary bolan açyk terrasalaryň tutýandygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, 350 otagly myhmanhanada myhmanlara şäher durmuşynyň we tebigatynyň ajaýyp sazlaşygyny hödürleýän dürli amatlyklar bar.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......