«Hatyra» kitabynyň jemleýji bäşinji jildi çapdan çykdy: ol Mary welaýatyndan bolan esgerlere bagyşlanýar

  • 03.10.2024 11:43
  • 13k+

«Hatyra» kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Mary welaýatyndan wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar diýip, TDH habar berýär.

Täze neşir Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagy bilen açylýar. Bellenilişi ýaly, 1 müň 418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler.
Girişde buýsanç, ar-namys, Watanyň azatlygy ugrundaky gahrymançylykly söweşler barada gürrüň berilýär. Maglumatlara görä, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Mary welaýatyndan 21 müň 300-e golaý adam wepat boldy we dereksiz ýitdi. Kitapda dereksiz ýiten, söweş meýdanlarynda gahrymanlarça wepat bolan, agyr ýaralanyp aradan çykan hem-de mähriban ojagyna gaýdyp gelmedik merdana esgerleriň sanawy elipbiý tertibinde ýerleşdirilipdir. Neşirde taryhy çeşmelerden alnan maglumatlar, dürli mazmundaky hatlar, esgerleriň suratlary, uruş ýyllarynda metbugat sahypalarynda çap edilen habarlar, Mary welaýatynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň hatyrasyna dikilen ýadygärlikleriň suratlary hem bar.

Türkmenistanda gazaply uruşda gazanylan Ýeňşiň ähmiýetini, parahat we abadan durmuş üçin janyny orta goýan watandaşlarymyzyň edermenliklerini häzirki nesillere düşündirmek hem-de geljek nesillere ýetirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu işde taryhy maglumatlary toplamaga, olaryň üstünde işlemäge, “Hatyra” kitabyny döretmäge işjeň gatnaşan arhiw işgärleriniň hem mynasyp goşandy bar.
“Hatyra” kitabynyň jemleýji jildi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň çapa taýýarlamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi. Ol giň okyjylar köpçüligine niýetlenýär.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......