“Dedpul we Rosomaha” onlaýn çykdy

  • 02.10.2024 10:50
  • 4k+

“Dedpul we Rosomaha” filmi sanly onlaýn platformalara çykdy. Bu filme eýýäm onlaýn tomaşa edip bolýandygyny aňladýar. Filmiň premýerasy 26-njy iýulda boldy.

Häzire çenli film 1,326 mlrd dollar gazanyp, 2024-nji ýylda iň girdejili filmleriň biri boldy. Ondan öňde diňe 1,694 mlrd dollar gazanan “Tapmaça 2” bar.
Şol bir wagtyň özünde, “Betmeniň” spin-offy bolan “Pingwin” serialy hem üstünlik gazanmagyny dowam etdirýär. Biz onuň 19-njy sentýabrdaky premýerasyndan bäri ilkinji dört günde 5,3 mln tomaşa ýygnandygyny habar beripdik. Häzir bolsa onuň birinji bölümine 11 günüň içinde 10,4 mln adamyň tomaşa edendigi belli boldy. HBO-nyň maglumatlaryna görä, bu görkeziji şeýle wagt aralygynda HBO-nyň diňe “Aždarhanyň öýi” we “The Last of Us” seriallaryndan yza galýar.
Ikinji bölüm görkezilen güni ähli platformalarda 1,6 mln tomaşaçyny ýygnady, bu bolsa ilkinji bölümiň birinji premýera günündäkiden 17% köpdür.
Ýatlap geçsek, Pingwiniň roluny Kolin Farrell ýerine ýetirdi, aktýor eýýäm “Betmende” (2022) bu otrisatel gahrymany oýnapdy. Serial 8 bölümden ybarat bolar.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....