Betmeniň duşmany Pingwin baradaky spin-off seriala 4 günde 5,3 mln adam tomaşa etdi

  • 26.09.2024 13:52
  • 5.4k+

“Betmen” filminiň (2022) spin-offy bolan “Pingwin” serialyna 19-njy sentýabrdaky premýerasyndan bäri ilkinji dört günüň içinde ähli HBO platformalarynda 5,3 mln adam tomaşa etdi.

Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, bu HBO Max-da täze şou üçin ikinji iň gowy netijedir. Ondan öňde 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda çykan “The Last of US” serialy bar.
Baş personaž Pingwiniň keşbini ýene-de Kolin Farrell ýerine ýetirer, ol öň “Betmen” filminde bu otrisatel gahrymanyň roluny oýnapdy. Serialyň sýužeti filmiň wakasyny dowam etdirip, Pingwiniň Gotemiň jenaýat dünýäsinde öz agalygyny nähili giňeldýändigini görkezýär.
Taslamanyň ssenariýaçysy we şouranneri bolup Loren LeFrank, ýerine ýetiriji prodýuseri hökmünde asyl filmiň režissýory Mett Riwz çykyş etdi. Serial 8 bölümden ybarat.


07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.2k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

06.06.2026 16:07
6.5k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

04.06.2026 17:22
4.9k+

96 ýaşly tanymal režissýor Klint Istwud karýerasyny tamamlaýar

Meşhur amerikan aktýory we režissýory Klint Istwud kino pudagyndaky karýerasyny tamamlady. Bu barada onuň ogly habar berdi....