96 ýaşly tanymal režissýor Klint Istwud karýerasyny tamamlaýar

  • 04.06.2026 17:22
  • 5k+

Meşhur amerikan aktýory we režissýory Klint Istwud kino pudagyndaky karýerasyny tamamlady. Bu barada onuň ogly habar berdi.

31-nji maýda Istwud 96 ýaşyny doldurdy. Onuň soňky režissýorlyk işi 2024-nji ýylda ekranlara çykan «Oturdaş № 2» (Присяжный номер два) filmi boldy.

Aktýor hökmünde bolsa Istwud iň soňky gezek mundan bäş ýyl ozal, özüniň şol bir wagtyň özünde režissýorlyk eden «Erkekleriň gözýaşlary» (Мужские слёзы) filminde ekrana çykdy.

Ol dünýä derejesindäki meşhurlygyny western we polisiýa uruşly filmlerindäki rollary arkaly gazandy. Onuň gatnaşmagyndaky iň belli kinolaryň hatarynda «Gowy, erbet, gazaply», «Bir gysym dollar üçin» we «Kirli Garri» ýaly eserler bar.

Özüniň karýerasynyň dowamynda Istwud 40-dan gowrak filmi surata düşürdi. Olaryň arasynda «Million dollarlyk gyzjagaz», «Syrly derýa» we «Gran Torino» ýaly meşhur kinolar bar. Ol jemi dört gezek «Oskar» baýragynyň eýesi boldy.


23.06.2026 22:06
909

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......