Tropiki tokaýly 122 gatly oazis: Dubaýdaky Tiger Sky Tower diňi nähili bolar?

  • 01.10.2024 13:32
  • 11k+

Dubaýda dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýlarynyň birine öwrüljek täze gökdirän binasy gurlar. Takmynan, 1 milliard dollar bahasy bolan Tiger Sky Tower binasy diňe beýikligi (532 metr, 122 gat) bilen däl, eýsem, çölüň ortasyndaky oazisi ýada salýan özboluşly dizaýny bilen hem haýran galdyrar. Bu desganyň gurluşygy birbada birnäçe rekordlary goýar diýip, "Wokrug sweta” neşiri belleýär.

Binanyň esasy aýratynlygy, onuň içinde 447 metr belentlikde ýerleşýän dünýäniň iň beýik tropiki tokaýy bolar. Bu ýerde ekzotik ösümliklerden, seýrek agaçlardan we tropiki guşlardan başga-da pyýada we ylgaw ýodalary, dynç alyş külbeleri we hatda asma ýoly bolar.
Şeýle hem Tiger Sky Tower-da 431 metr beýiklikde ýerleşýän açyk panorama howzy bolar.
Mundan başga-da, diňde 849 sany kaşaň ýaşaýyş jaýy bolar, olaryň iň sada görnüşiniň bahasy 680 000 dollar.
Binada ýerleşýän, dünýäniň iň beýik “şa penthausy” aýratyn gyzyklanma döredýär.
Tiger Sky Tower-iň gurluşygy 2029-njy ýyla çenli tamamlanar. Gökdirän bina diňe bir binagärlik eseri bolman, eýsem, şäher durmuşynyň tebigat bilen birleşjek ýerine öwrüler.


düýn 08:38
3k+

Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap

BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar...

04.02.2026 14:55
14k+

Saud Arabystanynda iniňi tikenekledýän seýilgäh açyldy

Saud Arabystanynda Six Flags Qiddiya City tematik seýilgähi resmi ýagdaýda açyldy. Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryňam üçüsi gönümel rekordlar taryhyna girdi. Attraksionlaryň naýbaşysy Falcons Flight dünýäniň iň beýik, iň uzyn we iň tiz amerikan amerikan demirýol depejigi (roller coaster) boldy...

30.01.2026 13:09
14k+

Gyzylyň gymmat wagtynda Dubaý altyndan köçe gurýar

Dubaýyň häkimiýetleri sözüň göni manysynda altyn köçäni gurmak hakda meýilnamalarynyň bardygyny habar berdiler. Bu barada Euronews teleýaýlymy mälim edýär. Köçäniň gurluşygynda altyn ulanyljakdygy wada berilýär, emma anyk nähili usul bilen ulanyljagy entek doly belli däl...

01.01.2026 18:09
6.5k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolugçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Indi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar...