Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz alan Betmen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 30.09.2024 16:05
  • 11k+

Betmen Golliwuddaky “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz alan ilkinji supergahryman boldy. Resmi dabara Los-Anjelesde, Ginnesiň rekordlar muzeýiniň golaýynda geçirildi diýip, Variety habar berýär.

Betmeniň ýyldyzy bu meşhur ýerde 2790-njy boldy. Onuň açylyşy personaža şeýle hormata mynasyp bolan ilkinji supergahryman hökmünde ýene bir rekordy getirdi.
Dabara DC wekilleri, şol sanda prezident we baş döredijilik müdiri Jim Li we uly wise-prezident Enn DePis gatnaşdy. Şeýle-de, Ginnesiň rekordlar kitabynyň emini Maýkl Emprik gatnaşyp, resmi şahadatnamany gowşurdy.

“Betmen – iň tanalýan we söýgüli medeni nyşanlaryň biri, şonuň üçin onuň Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ýyldyza mynasyp bolmagy meniň üçin geň däl. Bu üstünlik komiksleriň meşhur medeniýete ýetirýän güýçli we barha ösýän täsirini görkezýär, komikslere, grafiki romanlara, teleşouwlara we filmlere şeýle dowamly täsiri ýetiren supergahrymanlar hem kän däl. Gutlaýaryn, Betmen” diýip, dabarada Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory Kreýg Glendeý aýtdy.

Betmen DC Comics üçin Bob Keýn we Bill Finger tarapyndan döredildi we ilkinji gezek 1939-njy ýylda Detective Comics #27-de peýda boldy. Şondan bäri ol köp komikslerde, teleşouwlarda we filmlerde çykyş etdi. Kinoda personažyň keşbini Maýkl Kiton, Jorj Kluni, Ben Afflek we Robert Pattinson ýaly Golliwud ýyldyzlary ýerine ýetirdi.
Personažyň ady dürli rekordlar bilen baglanyşykly: LEGO® Batman: The Videogame supergahrymanlar barada iň köp satylan wideo oýun, “Batman Arkham” bolsa supergahrymanlar barada iň köp satylan wideo oýun seriýasydyr.
Personaž şol bir supergahrymany oýnan (Kluni, Beýl we Afflek) “Oskar” baýragynyň eýeleriniň sany boýunça-da rekord eýesidir.


şu gün 00:07
3.7k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....