Türkmenistan parahatçylygy berkitmek boýunça halkara tagallalaryna gatnaşmagyň görnüşlerine garamaga taýýar

  • 30.09.2024 15:44
  • 2.5k+

28-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Parahatçylyk döredijilikli amallar boýunça orunbasary Žan-Piýer Lakruan bilen duşuşygynda türkmen tarapynyň parahatçylygy berkitmek boýunça halkara tagallalaryna gatnaşmagyň görnüşlerine garamaga taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Türkmenistanyň wekiliýeti halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde öz ygrarlylygyny tassyklady. Taraplar parahatçylyk döredijilik çäreleriniň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar we bu ugurda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçiligini bellediler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Parahatçylyk döredijilik boýunça ýörite komitetiniň parahatçylygy goraýyş meseleleri boýunça döwletara gepleşikleri üçin iň amatly platforma hökmündäki orny duşuşygyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Taraplar bu komitetiň çäginde parahatçylygy goraýyş çäreleriniň şertlerine umumy çemeleşmeleri ösdürmegiň zerurlygyny bellediler.
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny göz öňünde tutup, BMG-niň degişli düzümleriniň işine gatnaşmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetde ösjekdigine ynam bildirdiler.
Mundan başga-da halkara howpsuzlygyna abanýan täze howplar we wehimler hem-de olaryň parahatçylyk döredijilik işine edýän täsiri barada pikir alyşmalar geçirildi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......