Raşid Meredow Albaniýadan, Portugaliýadan we Filippinlerden kärdeşleri bilen duşuşdy

  • 30.09.2024 16:00
  • 4.6k+

28-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Albaniýanyň, Portugaliýanyň we Fillipinleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

Albaniýa Respublikasynyň Ýewropa ișleri we daşary işler ministri Igli Hasani bilen duşuşygynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygy bellenildi. Ilçileri akkreditasiýa etmegiň we syýasy geňeşmeleri geçirmegiň üsti bilen ýola goýulýan yzygiderli dialogyň  ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda söwda we senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmek, syýahatçylyk, maýa goýumlaryny çekmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bilelikdäki resminamalary işläp düzmek barada pikir alyşdylar.

Portugaliýanyň Döwlet ministri we daşary işler ministri Paulu Ranžel bilen duşuşykda taraplar suw serişdelerini dolandyrmak, sanlylaşdyrmak, ylym, medeniýet we bilim pudagynda gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanda we Portugaliýada geçirilýän çärelere gatnaşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Filippinleriň daşary işler ministri Enrike Manalo bilen duşuşykda ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Merkezi Aziýa we ASEAN ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze formatyny döretmek hakyndaky türkmen tarapynyň başlangyjy duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň birine öwrüldi.  Türkmenistan söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltjek «Merkezi Aziýa – ASEAN» dialog mehanizmini ösdürmegi teklip etdi.


düýn 16:02
877

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......