YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

  • 30.09.2024 15:32
  • 1.9k+

27-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçiniň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň ýyllyk duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeleri we onuň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda häzirki zaman ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, durmuş adalatlylygy, energetika howpszulygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak, sanlylaşdyrmak we beýleki ugurlarda strategiýalary işläp düzmegiň möhümdigini belledi.
Duşuşykda sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine, şeýle hem Owganystanyň ösüşine itergi berjek ulag we üstaşyr infrastrukturalaryny giňeltmek mümkinçiliklerine garaldy.
Raşid Meredow birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şonda sanly tehnologiýalar we elektrok söwda boýunça YHG-niň çarçuwaly ylalaşygyny işläp düzmek başlangyjy teklip edildi. Şeýle hem maglumat portalyny döretmek öňe sürüldi.
Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem üns berlip, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleri tebigy gaz we elektrik energiýasyny ibermegiň mümkinçilikleri giňletmäge taýýardygyny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň ýokary derejedäki duşuşyklary guramak mümkinçiliklerini hem göz öňünde tutup, energetika we suw meselelerini çözmekde öňdebaryjy orun alyp biljekdigi bellenildi.
Şeýle hem türkmen tarapyny birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Hususan-da:

  • Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  durnukly ösüş boýunça Birinji Forumyny guramaga atýýarlyk görmek
  • Mary şäherini 2027-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty yglan etmek
  • 2024-nji ýylda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça toparyň 5-nji mejlisini geçirmek
  • Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde serhetara söwda zolaklaryny döretmek.

düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 12:22
2.2k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......