Brýusselde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik guraldy

  • 30.09.2024 11:28
  • 5.3k+

27-nji sentýabrda Brýusselde Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä 20-den gowrak ilçiler, diplomatik wekilhanalaryň, Ýewropa Bileleşiginiň düzümleriniň we işewürler jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar diýip, ORIENT diplomatik wekilhana salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow öz çykyşynda ýurdumyzyň gazananlary hem-de Belgiýa we ÝB bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhümligi dogrusynda durup geçdi. Şeýle hem çärede Belgiýanyň DIM-niň ikitaraplaýyn meseleler boýunça baş direktory Žeron Koreman çykyş etdi. Ol Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhümligi dogrusynda durup geçdi.

Türkmen ilçihanasynyň goldaw bermeginde döredilen aýdym-sazly wideoşekiliň görkezilmegi baýramçylyk agşamynyň esasy wakasy boldy. Ýerli repçi-aýdymçy Toni bilen döredilen şekilli aýdym Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky medeni köprini alamatlandyrdy we çärä gatnaşýanlaryň oňyn seslenmesine eýe boldy.

Şeýle hem dabaranyň çäklerinde Niderlandlardan «Mengli Secrets» modalar öýüniň mini-defilesi geçirildi. Onda däp bolan türkmen egin-eşiklerinden täsirlenip döredilen kolleksiýalar görkezildi.
Dabarada şeýle hem ýerli skripkaçy we kompozitor Annetta Homann türkmen akademiki sazynyň ussady Nury Halmämmedowyň eserlerini ýerine ýetirdi.
Baýramçylyk agşamy däp bolan türkmen tagamlarynyň hödür edilmegi bilen tamamlandy.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......