Barlaglar: 2050-nji ýyla çenli şowakörlükden ejir çekýän ýetginjekleriň sany 740 milliondan geçip biler

  • 29.09.2024 18:33
  • 7.9k+

British Journal of Ophthalmology žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, şowakörlükden (miopiýa) ejir çekýän çagalaryň we ýetginjekleriň sany 2050-nji ýyla çenli 740 milliondan geçip biler diýip, The Guardian habar berýär.

Guançžoudaky Sun Ýatsen adyndaky Çžunşan uniwersitetiniň geçiren derňewi, 1990-njy ýyldan bäri miopiýanyň ýaýramagynyň ep-esli ýokarlanandygyny görkezdi. 1990-njy ýyllarda çagalaryň we ýetginjekleriň 24%-ine miopiýa diagnozy goýuldy we 2020-nji ýyla çenli bu görkeziji 36%-e çenli ýokarlandy.
Dünýädäki ýaşlaryň üçden birinden gowragynyň şowakörlükden ejir çekýändigi we asyryň ortalaryna bu görkezijiniň 40%-e çenli ýokarlanyp biljekdigi bellenilýär.
Barlagçylar bu meseläni kompýuteriň ekranlarynyň we enjamlarynyň öňünde sarp edilýän wagtyň artmagy, şeýle hem daşarda geçirilýän wagtyň azalmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Hünärmenler tebigatda has köp wagt geçirmegi, maşk etmegi we ekrana azrak seretmäge synanyşmagy maslahat berýärler. Şeýle hem ene-atalara we mugallymlara miopiýanyň irki alamatlaryna we bejergisine üns bermegi maslahat berilýär.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......