Türkmenistanyň Mazari-Şarifdäki Baş konsuly Balhyň gubernatory bilen duşuşdy

  • 29.09.2024 16:01
  • 8.7k+

Türkmenistanyň Mazari-Şarif şäherindäki Baş konsuly Bazarbaý Käbäýew Owganystanyň Balh welaýatynyň gubernatory bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Owganystanyň “AVA” agentligi habar berýär.

Duşuşykda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň import edilmegi, iki ýurduň arasyndaky demirýoluň işledilmegi, oňaýly ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we söwdagärler üçin şertleriň döredilmegi iki tarapyň tagallalary bilen ösdürilýändigi barada bellenildi.
Türkmenistanyň Owganystanyň energetika taslamalaryna ýardam etjekdigi hem-de umumy serhet bilen berkidiljek söwda, üstaşyr, ykdysady gatnaşyklaryň ösdüriljekdigi barada konsul belledi.
Balh welaýatynyň gubernatory Mohammad Ýusuf Wafa öz gezeginde Owganystanda maýa goýumlar we daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen söwda üçin oňaýly esasyň emele gelýändigi barada belledi. Owganystanyň ähli serhet nokatlarynda eksport we import harytlaryň hilini barlamak üçin niýetlenen häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylandygy barada belläp, ol iki ýurduň arasynda düzgünleriň aňsatlaşdyrmagy bilen söwda möçberini ýokarlandyrmak mümkindigi barada aýratyn belläp geçdi.
Duşuşyga şeýle hem Agentligiň habarynda duşuşyga ýerli ýokary wezipeli adamlaryň, şol sanda Owganystanyň Nebit-gaz söwdagärleriň milli birleşiginiň başlygy Seýýed Karim Haşeminiň gatnaşandygy barada habar berýär.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......