Täze Kia Tasman-yň çölde nämeler edýändigine bir syn ediň...

  • 28.09.2024 20:43
  • 19k+

Kia kompaniýasy özüniň geljekki Tasman kysymly awtoulagynyň çarkandakly, ýol-ýodasyz ýerleri boýun egdirişini görkezmegi dowam etdirýär. 32cars.ru portalynyň habar bermegine görä, bu gezek öndüriji kompaniýa BAE-niň Al-Kudra çölünde geçirilen synaglarda düşürilen wideony paýlaşdy.

Kia Tasman-nyň prototipi jöwzaly howa şertlerine we ýer üstüniň gurluşy çarkandakly ýerlere çydamlylygyny barlamak üçin kyn synaglardan geçdi.
Tasman-yň synag nusgasy eýýäm 18 000-den gowrak synag tapgyryndan we 2000-e golaý ýörite synagdan geçdi. Pikap çuň suwly päsgelçilikleri, gum aňňatlaryny we agyr ýük daşamak ýaly gazaply şertleri ýeňip geçmek üçin niýetlenendir.
Tasman bilen bäsdeşleriniň arasyndaky esasy tapawut - ajaýyp geçijilik mümkinçiligini berýän korpus çarçuwasynyň gurluşydyr. Pikap 4x4 doly hereketli tekerler, peseldýän geçiriş we iň kyn päsgelçilikleri aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge mümkinçilik berýän ösen asma ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Kia hereketlendirijiniň jikme-jikliklerini häzirlikçe gizlin saklaýar, ýöne 200 at güýjüni öndürýän 2,2 litrlik CRDi dizel hereketlendirijisi barada myş-myşlar bar. Şeýle hem 3,5 litrlik goşa turbo görnüşli V6 we 3.0 litrlik dizelli wersiýalar ara alnyp maslahatlaşylýar.
Kia Tasman 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Günorta Koreýada, Ýakyn Gündogarda, Afrikada we Awstraliýada satuwa çykarylar. Pikap Ýewropa we Demirgazyk Amerika barmaz.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....