Türkmenistanly agyr atletikaçy ýetginjekleriň çempionatynda dünýä rekordyny täzeledi

  • 27.09.2024 14:39
  • 18k+

Türkmen agyr atletikaçysy Şahzadbek Mätýakubow Ispaniýada Leon şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda täze dünýä rekordyny goýdy. 102 kg agrama çenli kategoriýada geçen ýaryşda türkmen türgeni dünýä birinjiligine ilkinji gezek gatnaşýan braziliýaly Mateus Pessanýe hem-de müsürli Mahmud Hosni bilen çekeleşikli göreş alyp bardy. Ýaryşyň netijelerini Agyr atletika boýunça halkara federasiýasy (IWF) habar berýär.

19 ýaşly Pessanýe Günorta Amerikanyň çäklerinden daşynda ilkinji gezek çykyş etdi we şol bada dünýä rekordyny goýdy. Pessanýa çykyşynda soňky gezeginde itekläp götermekde 215 kg agramyň hötdesinden geldi. Bu hem ony 168-215-383 görkeziji bilen liderlige çykardy. Emma bu rekord Mätýakubow ýaryşa çykýança - bary-ýogy iki minut saklandy. Türkmen agyr atletikaçysy 216 kg agramy göterip, Pessanýany ikinji orna düşürdi we dünýä rekordyndan mahrum etdi.

«Aslynda, şu gün, jemi agram boýunça rekord goýmak isläpdim, emma töwekgelçilik edip oturmadym», — diýip, Mätýakubow aýtdy, Ol ýaryşda çykyşyny 175-216-391 netije bilen tamamlady. Bu bolsa onuň öňki iň gowy netijesinden 5 kg artykdyr.

Belläp geçsek, silkip götermekde (183 kg) we ikisiniň jemi boýunça (393 kg) ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordlaryny häli-häzire çenli Ermenistandan Garik Karapetýan saklap gelýär.
Ispaniýada geçirilen ýaryş Mätýakubow üçin ýetginjekleriň arasynda iň soňky ýaryşydy, şonuň üçin hem ol bu ýaryşa aýratyn yhlas bilen taýýarlandy. Dünýä rekordyny goýmak onuň öňden gelýän meýilleriniň biridi. Dekabrda ol Bahreýnde geçiriljek uly ýaşlylaryň dünýä çempionatyna gatnaşar. Bu baryşda ol üç rekordyň üçüsini hem täzelemegi meýilleşdirýär.

«Bu gün ýurdumyz Garaşsyzlyk gününi belleýär (33 ýyllygy). Bu ýeňiş Watanymyza sowgadymdyr" diýip, Mätýakubow aýtdy.

Geçen dekabrda Mätýakubow Katarda 96 kg çenli agram derejede Gran-pride altyn medal aldy. Şol ýeňşini hem türkmen türgeni Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramyna bagyşlapdy.


26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......