Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi

  • 27.09.2024 14:02
  • 18k+

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny belleýär. Şu gün, 27-nji sentýabrda Aşgabatda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada dabaraly ýöriş geçirildi. Baýramçylyk ýörişi göni ýaýlymda görkezildi.

Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Baýramyň öňüsyrasynda Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň tapawutlanan işgärlerini sylaglamak dabaralary geçirildi. Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň topary halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny nazara alyp, Türkmenistanyň ordeni, medallary we hormatly atlary bilen sylaglandylar.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....