Hyundai ýollarda elektromobillere simsiz zarýad bermek tehnologiýasyny patentledi

  • 26.09.2024 13:31
  • 9.8k+

Hyundai elektromobillere ýolda zarýad bermäge mümkinçilik berjek täze dinamiki simsiz zarýad beriş tehnologiýasyny patentledi. Kompaniýa bu ulgamyň üstünde yhlasly işleýär diýip, 32cars.ru habar berýär.

Tehnologiýa smartfonlara simsiz zarýad bermek prinsipine esaslanýar. Şeýle-de bolsa, elektromobillere zarýad bermek, ýoluň deň däl ýerlerinde ulagyň we ýoluň aralygynyň üýtgäp durmagy sebäpli, has çylşyrymly çözgütleri talap edýär. Hyundai ýoluň beýikligine uýgunlaşyp bilýän ulgamy hödürledi.
Şeýle hem bu ulgam aýratyn hem zeper ýeten ýollarda peýdaly bolup biljek, zarýad almak üçin iň amatly ýoly saýlamakda kameralardan we datçiklerden maglumatlary ulanýar. Bu bolsa çukurlardan sürüp geçeniňizde elektromobiliň zarýad almagynyň kesilmeginiň öňüni almaga kömek eder.
Şuňa meňzeş zarýad beriş ýollary ABŞ-da we Ýewropada eýýäm synagdan geçirilýär. Hyundai tehnologiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, zarýad bermegiň wagtyny ep-esli azaldyp, elektromobilleriň köpçülikleýin kabul edilmegini çaltlaşdyryp biler.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....