Aşgabatda baýramçylyk mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

  • 26.09.2024 12:44
  • 9.5k+

25-nji sentýabrda Aşgabatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyldy, şeýle hem ildeşlerimiziň birnäçesi «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly atlara mynasyp boldular.
Şol gün şeýle hem paýtagtymyzda hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......