Volkswagen Ýewropada Polo modeliniň önümçiligini bes edýär

  • 25.09.2024 19:18
  • 4.6k+

Volkswagen 40 ýyldan soň, Ýewropada meşhur Polo modeliniň önümçiligini tamamlaýar. Bu karar elýeterli elektrik ulaglarynyň önümçiligine geçilmegi bilen  baglanyşyklydyr diýip, IXBT habar berýär.

Ispaniýanyň Pamplona şäherinde ýerleşen, 1984-nji ýyldan bäri 8,4 milliondan gowrak Polo awtoulagyny öndüren zawod bu modeli ýygnamagy bes eder.
DataForce-iň berýän maglumatlaryna görä, Polo Ýewropada iň geçginli kiçi awtoulaglaryň biri bolmagynda galýar we 2024-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda onuň 90 100-den gowragy satylyp, sekizinji orunda durýar.
2026-njy ýyldan başlap, Pamplona zawody täzelenen MEB platformasynda elektrik ulaglarynyň Volkswagen ID setirinde ulanylýan iki sany ykjam elektrik krossoweri öndürip başlar.
Ýewropada önümçiligiň bes edilýändigine garamazdan, sebitde Polo modeliniň  satuwy dowam etdiriler, ýöne ony Günorta Afrikadaky Kariýega zawodynda öndürerler.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......