Meşhur fransuz aktrisasy “Sezar” baýragynyň gowşurylyşynyň 50 ýyllyk ýubileýinde eminlere ýolbaşçylyk eder

  • 25.09.2024 14:59
  • 5.1k+

Iki gezek “Sezar” baýragynyň eýesi Katrin Denýow kino baýragynyň gowşurylyşynyň 50 ýyllyk ýubileý dabarasynda eminler toparynyň başlygy wezipesine bellendi. Bu çäre 2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Pariždäki "Olimpiýa" konsert zalynda geçip, Kanal+ ýaýlymynda görkeziler diýip, Variety habar berýär.

Kinematografiýa sungaty we tehnologiýalar akademiýasy kinematografiýada bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin 80 ýaşly aktrisany saýlady. Akademikler Denýowyň fransuz kinosynyň we estetikasynyň nusgasydygyny, bu bolsa ony şeýle möhüm ýylda başlyklyk etmek üçin örän laýyk dalaşgäre öwrülýändigini bellediler.
Karýerasynda Denýow 14 gezek “Sezara” dalaşgär görkezilip, “Soňky metro” (1980) we Indokitaý (1992) filmleri üçin “Iň oňat zenan keşbi” diýen ugurda iki gezek ýeňiji boldy. Şeýle hem soňkusy üçin ol “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi we 1994-nji ýylda Fransiýa üçin “Iň gowy daşary ýurt filmi” kategoriýasynda ýeňiji boldy.
Katrin Denýow 1983-nji ýylda-da “Sezaryň” emin agzalaryna ýolbaşçylyk edipdi. Mundan başga-da, 1994-nji ýylda Kan film festiwalynda emin agzalarynyň wise-prezidenti bolup, 2006-njy ýylda Wenesiýa film festiwalyna ýolbaşçylyk etdi.
“Sezar” baýragy 1976-njy ýyldan bäri gowşurylýar we “Oskaryň” fransuz analogy hasaplanýar.


düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 19:11
5.9k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....