Annajemal Saparowna «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy

  • 25.09.2024 13:13
  • 18k+

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu döwlet sylagy A.S. Nurmuhammedowanyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň häzirki belent derejelere ýetmeginde gazanan ajaýyp üstünliklerini, ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy belentden wasp etmek bilen, milli medeniýetimizi, milli aýdym-saz, tans sungatymyzy milli ruhda ösdürmäge hem-de dünýä ýaýmaga goşan uly şahsy goşandyny, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirip, zehinli ýaşlarymyzy ýetişdirmekde bitiren giň gerimli işlerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we döredijilikli zähmetini nazara alyp berildi.
A.S. Nurmuhammedowa şeýle hem «Altyn Aý» altyn nyşany gowşuryldy.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....